Türkmen Edebiýaty. 11 Synp

Preparing link to download Please wait... Download

E-Book Overview

Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 240 s.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda orta mekdepleriň okuw ýylynyň köpeldilmegi ýaş nesillerimizde döwrebap bilim bermegiň hilinde hem örän uly rol oýnady. Häzirki wagtda internet ulgamlarynda täze okuw kitaplarynyň hem ençemesi orun tapdy , şol sanda hem ilkinji gezek bu gün biziň toparymyzda orta mekdepleriň türkmen mekdepleri üçin niýetlenip çap edilen türkmen edebiýat kitaby hem goýuldy. Goýulýan kitaplarymyzyň toparymyzdaky agzalarymyza birnäçe peýdasy bardyr diýip umyt edýäris. Gelejekde has köp türkmen dilindäki kitaplary özüňize almak üçin, bizden daşlaşmaň!

E-Book Content

J. Allakow, T. Sadykow, R. Mustakow TÜRKMEN EDEBIÝATY Umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenildi Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014 UOK 373:82 A 46 Allakow J. we başg. Türkmen edebiýaty. Umumy orta bilim berýän mek­ depleriň rus dilinde okadylýan XI synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. A 46 TDKP № 251, 2014 KBK 82.2 (Р) ýa 72 © J. Allakow we başg., 2014 TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde. Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym. Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: – Döredilýän eserler durmuşdan üzňe däl-de, çuň mazmunly, ýokary çeperçilik­ li, halkymyzyň milli aýratynlyk­laryny we durmuş hakykatyny beýan edýän eserler bolmalydyr. GIRIŞ Eger ynsany uçup barýan guşa meňzetsek, onda şol gu­şuň bir ganatyny onuň maddy üpjünçiligi, ikinji ganatyny bol­sa ruhy durmuşy emele getirýär. Guşuň bir ganaty şi­kes­li bol­ sa, göwün diýen belentligine galyp, uzaga gidip bil­meý­şi ýaly, adam hem maddy taýdan üpjün, ruhy taýdan baý bolma­sa, gowy durmuş gurup, doly manyly ömür sürüp bilmeýär. Her bir halkyň, her bir ýurduň – döwletiň ösüşi, ykbaly onuň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş, ruhy-ahlak derejesi bi­ len baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýolbaşçysy hökmün­ de bu hakykaty hemişe ünsde saklaýar we oňa aýratyn äh­ miýet berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ykdy­ sady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kämil aň-düşünjeli, döwrebap pi­ kirlenmegi başarýan, ylymly-bilimli, hünärine ökde, zäh­ metsöýer, arassa ahlakly, watansöýüji, Watanyna, halkyna 7 guwanýan nusgalyk adamy terbiýeläp ýetişdirmek wezipe­ sini umumydöwlet, ählihalk işi hasap edýär we bu babatda edebiýatyň hem-de sungatyň hyzmatyna örän ýokary baha berýär. Parasatly milli Liderimiziň edebiýat baradaky tagly­ maty hem şu ýörelgä esaslanýar we ol milli edebiýatymyzyň ynsan mertebesini belende göterýän, çuňňur ynsanperwerli­ ge ýugrulan edebiýat bolmalydygyny ykrar edýär. Eýsem, çeper edebiýat näme? Çeper edebiýat, gadymy akyldarlaryň, alymlaryň belläp geçişi ýaly, söz sunga­tydyr. Ol öň bolup geçen wakalary, şu günki ýaşaýyş-durmu­ şymyzy, kähalatlarda bolsa gelje