E-Book Overview
A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 141 s.
Махтумкули — источник вдохновенияKitapda Magtymgulynyň şahyr,filosof hökmündäki halkara at-abraýy nygtalyp görkezilýär. Aýratynam onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda beýgelen şan-şöhratynyň ýaýrawyna ýörite nazar aýlanylýar. Kitapdaky materiallary toplan, tertibe salan we çapa taýýarlan filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow. Kitap edebiýat mugallymlary, talyplar we okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär.
E-Book Content
TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY MAGTYMGULY – YLHAM ÇEŞMESI (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar) Aşgabat Türkmen döwlet neşirýat gullugy 2014 UOK 82 M 16 M 16 Magtymguly – ylham çeşmesi (Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar). – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. Kitapda Magtymgulynyň şahyr, filosof hökmündäki halkara at-abraýy nygtalyp görkezilýär. Aýratynam onuň Garaşsyzlyk ýyllarynda beýgelen şan-şöhratynyň ýaýrawyna ýörite nazar aýlanylýar. Kitapdaky materiallary toplan, tertibe salan we çapa taýýarlan filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedow. Kitap edebiýat mugallymlary, talyplar we okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilýär. TDKP № 59, 2014 KBK 83.3 Tür.1 © Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2014. TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET TUGRASY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SENASY Janym gurban saňa, erkana ýurdum, Mert pederleň ruhy bardyr köňülde, Bitarap, garaşsyz topragyň nurdur, Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym, Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Gardaşdyr tireler, amandyr iller, Owal-ahyr birdir biziň ganymyz. Harasatlar almaz, syndyrmaz siller, Nesiller döş gerip gorar şanymyz. Gaýtalama: Halkyň guran Baky beýik binasy, Berkarar döwletim, jigerim-janym, Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym! Türkmenistanyň prezidenti gurbanguly berdimuhamedow: – Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň ... öňünde baş egýärin. *** – Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türk meniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular. *** – Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. *** – Bilim we ylym Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüniň binýadydyr. *** – Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyrdyr. *** – Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy. 7 Kitabyň gurluşy hakynda Gadyrly okyjy, 1985-nji ýylda hem şuňa meňzeş ýygyndy siziň dykgatyňyza ýetirilipdi. Ol «Magtymguly diýip adym tutsalar...» diýlip atlandyrylypdy. Özüni hem filologiýa ylymlarynyň kandidaty, folklorşynas Amangül Durdyýewa bilen bile düzüp, neşir etdiripdik. Ýöne ondan bäri çärýek asyrdan hem köp wagt geçdi. Şol geçen wagt içinde Türkmenistan özbaşdak döwlet boldy. Garaşsyzlyk halkymy