E-Book Overview
A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. — 200 s.
Redaktor A. Nazarow.<strong>Mazmuny. Tebigat we tebigy hadysalar hakyndaky matallar. Adam, onuň beden agzalary we oňa degişli zatlar hakyndaky matallar. Zähmet we zähmet gurallary hakyndaky matallar. Ylym-bilim, medeniýet we tehnika hakyndaky matallar. Öý goşlary, hojalyk gural-esbaplary hakyndaky matallar. Öý we oňa degişli zatlar hakyndaky matallar. Azyk önümleri, iýilýän-içilýän zatlar hakyndaky matallar. Geýim-gejim we aýakgap hakyndaky matallar. Haýwanlar, guşlar we mör-möjekler hakyndaky matallar. Ösümlikler, bag-bakja önümleri hakyndaky matallar. Bezeg we şaý-sepler hakyndaky matallar. Saz gurallary hakyndaky matallar. Harby enjamlar hakyndaky matallar. Dürli mazmunly matallar. N. Seýidow. Halk paýhasynyň syrly hazynasy.
E-Book Content
TÜRKMENISTANYŇ MILLI MEDENIÝET «MIRAS» MERKEZI TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY TÜRKMENISTAN MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTY
TÜRKMEN HALK MATALLARY Çapa taýýarlan
Nury Seýidow
AŞGABAT «MIRAS» 2005
UOK 894. 361 T 90 T 90
Türkmen halk matallary. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005 — 200 s. REDAKTOR
A. Nazarow, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty
TMMMM №40 TDKP №59
2005
KBK 84 Tür 7
© Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005 ý. Türkmen halk matallary, 2005 ý. N.Seýidow, çapa taýýarlama, sözsoňy, 2005 ý.
Bu kitap, www.ertir.com saýtynyň meşhur agzasy Windizel agza tarapyndan şu saýtyň kitaphana bölümine goýuldy. Sizi hormatlamak bilen:
2
Wepa Nurlyýew
I. TEBIGAT WE TEBIGY HAKYNDAKY MATALLAR
HADYSALAR
Agajym ýok, guralym ýok, Suw üstünden köpri gurdum. (Ýapdaky suwuň doňmagy) Agam pul berdi, Sanap almadym. Bibim haly berdi, Göterip bilmedim. (Ýyldyzlar, Ýer) Agşamara kümüş orak, Köp günden soň, ol tegelek. (Aý) Agyl doly akja guzy, Ertir tursam – ýokja guzy. (Ýyldyzlar) Agyr halym kakabilmen, Ownuk daşyn dökebilmen. (Asman, ýyldyzlar) Gezer älem-jahany, Ahan-ahan, ahany, Hemişe göçüp gezer, Ne eti bar, ne gany. (Şemal)
3
Ak atly gaçýar, Gara atly kowýar. (Gije-gündiz) Ak güjügim ýolda galdy. (Tüweleý) Ak iner çökmese, Boz maýa gaýmaz. 1 (Gar, ýer, ýeriň hasyl bermegi) Ak monjugym üzüldi, Ýere bakan süzüldi. (Süýnen ýyldyz) Ak popuş, Diwara ýapyş. (Gar) Ak towuk, Ketegi sowuk. (Gar) Ak sandygym açyldy, Içinden nur saçyldy. (Günüň dogmagy) Ala geçim dula ýapyşar. (Tüýnükden öýe düşen gün) Annajyk, mannajyk, Uçup gitdi, Guýrugyndan tutdurmanjyk. (Uçgun) Ap-ak saçak, Günden gaçak. (Gar)
1
4
Bu matal halk arasynda nakyl hökmünde hem ulanylýar.
Araba ýörär, Yzy ýok. Ýylgyn ýansa, Közi ýok. (Ýalyn) Asmanyň küpüsi düşdi, Küpiniň düýbün deşdi1. (Gök gürlemek, ýagyş ýagmak) Asty zagara2, Üsti tagara3, Kyrk müň çiçek4, Bir gülýaka. (Asman, Ýer, ýyldyzlar, Aý) Atamyň atasy, Mekan tutasy, Daýymyň iberen Ýaşyl ýakasy. (Älemgoşar) Atasy atlanýança, Ogly bazara barar. (Ot, tüsse) Atasy egri, ogly ýorga. (Derýa) Atasy öýlenýänçä, ogly Käbä gider. (Tüsse)
Bu mataldaky «küpi» sözi ýanlygy aňladyp, gök gürlemek ýanlygyň ýaýylyşyna, ýagşyň ýagmagy onuň düýbüniň deşilmegine meňzedilýär. 2 Zagara jöwen ýa-da mekgejöwen unundan bişirilen çörek. 3 Tagara hojalykda peýdalanylýan legen, tabak görnüşli ýalpak gap. 4 Çiçek gül. 1
5
Aýaksyz, elsiz – surat çeker. (Aýaz, aýazyň suwy doňduryp, dürli şekiller ýasamagy ) Aý bilen gelip, Gün bilen gider. (Ýyldyzlar) Aýym bar, Aý bendim bar. On iki heýkel, Bir bendim bar. (On iki aý, bir ýyl) Balkan dagyň başyndan, Balyk geçip barýa-la! Öýken-bagry süýrenip, Gözýaş edip barýa-la! (Bulut, ýagyş) Bar-bar aýaklym, Barsyn aýaklym. Ýüwürse, ýetdirmez, Ýelken aýaklym. (Salgym) Bar, ýo